Pekiniň muzeýinde çaga tötänden 320 müň dollarlyk eksponaty döwdi

  • 20.12.2025 19:38
  • 14k+

Pekindäki "X Muzeýinde" bir çaga tötänden bahasy 320 000 dollardan gowrak bolan altyn täje zeper ýetirdi. "Need to Know" neşiriniň habar bermegine görä, waka oglan aýna witrina degenden soň ol gaçyp, içindäki täç döwlüpdir.

Agramy 2 kilograma golaý bolan täç arassa altyndan elde ýasalypdyr. Ol gözellik blogeri Çžan Kaýä degişli bolup, eseriň awtory onuň adamsy, suratkeş Çžan Ýudundyr. Bilermenler täji dikeltmegiň bahasyny 56 000 dollar möçberinde kesgitlediler.
Hytaýly hukukçylar kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň hereketleri üçin jogapkärçiligi onuň kanuny wekilleriniň çekýändigini düşündirdiler. Emma muzeýiň wekili gorag gutusynyň ýeterlik derejede berkidilmändigini boýun aldy, bu bolsa guramaçylaryň hem ýalňyşynyň bardygyny görkezýär.
Täjiň eýesi çaganyň maşgalasyndan maddy öwezini doluş talap etmek niýetiniň ýokdugyny mälim etdi. Ol täjiň ätiýaçlandyrylandygyny we häzirki wagtda diňe ätiýaçlandyryş talabyny resmileşdirmek boýunça maslahat alýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, täjiň özi üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydygyny, sebäbi onuň ýörite toýlary mynasybetli ýasalandygyny belledi.
"Muzeý X" — ýaş kolleksiýaçylar tarapyndan esaslandyrylan hususy häzirki zaman sungat muzeýidir. Bu merkez täze nesil suratkeşleriň işlerini goldamaga we medeni dürlüligi görkezmäge gönükdirilendir. Wakanyň bolan güni sergide jemi 87 sany häzirki zaman suratkeşiniň işleri görkezilýärdi.


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......