FIFA DÇ-2026 üçin rekord baýrak gaznasyny tassyklady: ýeňiji $50 mln alar

  • 21.12.2025 14:48
  • 5.3k+

FIFA-nyň geňeşi Dohadaky mejlisde 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin býujeti tassyklady. Gurama ýaryşa gatnaşýan agza assosiasiýalaryň arasynda 727 mln dollar paýlamagy meýilleşdirýär. Bu mukdar Katardaky dünýä çempionatynyň görkezijisinden 50% ýokarydyr.

Baýrak gaznasynyň özi 655 mln dollar bolar.
Guramanyň maglumatlaryna görä, dünýä çempionatynyň ýeňijisi 50 mln dollar alar. Finalçylar 33 mln dollar, bürünç baýragyň eýesi 29 mln dollar, dördünji orny eýelän milli ýygyndy bolsa 27 mln dollar alar.
Dörtden bir finalçylara 19 mln dollar, 1/8 finala gatnaşyjylara 15 mln dollar, 1/16 finala çykan toparlara 11 mln dollar tölener. Toparçadan çykyp bilmedik toparlar 9 mln dollar alar. Mundan başga-da, kwalifikasiýadan geçen her bir topar taýýarlyk çykdajylaryny ýapmak üçin 1,5 mln dollar alar.
Býujetiň ösüşi ýaryşa gatnaşyjylaryň 48 topara çenli artdyrylmagy we oýunlaryň umumy sanynyň 104-e ýetmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýaryş 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň stadionlarynda geçiriler. Açylyş oýny Mehikodaky «Asteka» stadionynda bolar. Final oýnuny Nýu-Jersi amerikan ştatyndaky «Metlaýf Stedium» meýdançasy kabul eder. Üçünji ýer üçin oýun Maýamide bolar. 


şu gün 17:01
2.1k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
3.5k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....