Nýurnbergiň ýaşaýjysy 11 müň garly şardan ybarat kolleksiýany ýygnap, Ginnesiň kitabyna girdi

  • 21.12.2025 12:30
  • 6.3k+

Germaniýanyň Nýurnberg şäherinden Ýozef Kardinal 11 müň garly şardan ybarat kolleksiýanyň eýesi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Tutuş kolleksiýa rekord eýesiniň öýündäki tekjelerde we witrinalarda ýerleşýär.


Ýozef Kardinal şeýle şarlary ýygnamaga 1984-nji ýylda ilkinji sowgat edilen şardan başlady.

«Dostlarym meniň üçin olary yzygiderli satyn alýardy we bir pursatda men pikir etdim: näme üçin olary özüm satyn almaly däl?» — diýip, kolleksioner ýatlaýar. Şondan bäri ol aýaly bilen bilelikdäki gezelençleriň dowamynda kolleksiýasynyň üstüni ýetirdi.


Kolleksiýa temençe görnüşindäki kiçijik şarlardan başlap, Kardinalyň boýundan geçýäne çenli dürli hili şarlary öz içine alýar. Eksponatlaryň arasynda «Garri Potteriň», «Ýyldyz söweşleriniň» we hatda gark bolup barýan «Titanigiň» stilindäki tematiki şarlar we Coca-Cola telefonynyň stilinde şar bar. Olardan iň gadymysy 1889-njy ýylda Parižde ýasalan Eýfel diňli aýna şardyr.

«Adamlar garly şarlary gowy görýär, sebäbi olar ideal dünýäni görkezýär. Belki, hakyky bolmadyk dünýäni, hut şonuň üçin olar bizi özüne çekýär» — diýip, Ýozef Kardinal belleýär.
Kolleksiýanyň gyş bilen baglydygyna garamazdan, rekord eýesiniň özi güneşli howany gowy görýär. «Nýurnbergde gar kän ýagmaýar, şonuň üçin men köp gary öz şarlarymda görýärin» — diýip, ol ýylgyrmak bilen aýdýar. 


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....