Týerri Anri tutuş karýerasyndaky üstünlikleri üçin BBC-niň hormat baýragyna mynasyp boldy

  • 20.12.2025 20:02
  • 8.9k+

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Londonyň “Arsenalynyň” ady rowaýata öwrülen hüjümçisi Týerri Anri karýerasyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin "Lifetime Achievement" (Ömrüniň dowamynda gazanylan üstünlik) baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 18-nji dekabrda "BBC Sports Personality of the Year 2025" çäresiniň çäginde geçirildi.

BBC media korporasiýasynyň wekilleri fransuz futbolçysynyň häzirki zaman oýunçysynyň keşbine täzeçe garaýyş girizendigini bellediler. Guramanyň ýolbaşçylary Anriniň oýun aň-paýhasyny, tebigy zehinini we dünýä sportuna ýetiren uly täsirini aýratyn nygtadylar.
Ozal bu mertebeli baýraga Pele, Billi Jin King, Dewid Bekhem we ser Bobbi Çarlton ýaly dünýä meşhur türgenler mynasyp bolupdy.

"Futbol maňa hemme zady berdi, men bolsa oňa bütin durkum bilen berildim. Bu baýrak arkaly futbol taryhynda ykrar edilmek, janköýerleriň we topardaşlarymyň ýüreginde yz galdyrmak — men munuň gadyryny elmydama bileris" diýip, Anri dabarada çykış etdi.

Dabaranyň esasy baýragyna — "Ýylyň sport şahsyýeti" adyna bolsa demirgazyk irlandiýaly meşhur golfçy Rori Makilroý mynasyp boldy.



şu gün 17:01
690

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

şu gün 14:17
2.8k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
13k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....