Mançesterdäki mekdep okuwçylara welosiped we telewizor paýlap, okuwdan galmalara garşy göreşýär

  • 21.12.2025 19:15
  • 6.8k+

Beýik Britaniýanyň Mançester şäherindäki Co-op Belle Vue Academy orta mekdebi okuwa gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin adatdan daşary usuly ulandy: Mirror gazetiniň habar bermegine görä, okuwçylary höweslendirmek üçin olara mugt telewizorlar we welosipedler berlip başlandy.

Mekdep okuwa yzygiderli gatnaýan okuwçylary höweslendirýär. Olar gazanan üstünlikleri üçin ýörite ballar alýarlar, soňra bolsa bu ballary gymmat bahaly baýraklaryň utuşly oýnuna gatnaşmak üçin peteklere çalşyp bilýärler. Baýraklaryň arasynda sport pökgüleri, şokoladlar, öý hojalyk enjamlary we 100 funt sterlinglik sowgatlyk şahadatnamalary (kuponlar) bar. Iň soňky geçirilen utuşly oýunda baýraklaryň umumy bahasy 2000 funt sterlingden (takmynan 2680 dollar) geçdi.
Mekdep direktory Skott Fletçer bu başlangyjy 2022-nji ýylda wezipesine bellenen badyna girizdi. Ähli sowgatlar mekdep býujetiniň hasabyna satyn alynýar. Geçen iki ýylyň dowamynda okuwçylaryň sebäpsiz okuwdan galmalary 20%-den 10,5%-e çenli azaldy.

“Belle Vue mekdebinde biz ýyl-ýyldan ýokary gatnaşygyň has gowy netijeleri berýändigini görýäris. Bu, okuwçynyň geljekdäki üstünligini kesgitleýän iň güýçli faktorlaryň biridir we bu görkezijini gowulandyrmak doly biziň öz elimizde” diýip, Skott Fletçer belledi.


11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.6k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
927

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......