Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

  • 29.04.2026 13:40
  • 981

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji fewralyna çenli dowam etjek bu sergi döwrüň bitewi wizual dilini hödürlemek bilen, şol döwrüň sungatyny, fotosuratçylygyny, modasyny we submedeniýetlerini birleşdirer. 

Taslamanyň kuratory bolup Britaniýanyň Vogue žurnalynyň baş redaktory Edward Enninful çykyş edýär.

Sergä 70-e golaý suratkeş, suratçy we dizaýner gatnaşar. Tomaşaçylara suratlary, heýkelleri, arhiw suratlaryny we egin-eşikleri öz içine alýan 100 töweregi eser görkeziler.

Ýurgen Telleriň, Korin Deýiň we Naýjel Şafranyň işlerindäki "kämilsizligiň estetikasyna" aýratyn üns berilýär, olar Nik Naýtyň we Dewid Simsiň konseptual suratlary bilen ýanaşyk ýerleşýär.

Serginiň moda bölüminde Oswald Boatengiň lybaslary, Jo Keýsli-Heýfordyň sergileriniň arhiw wideolary we Aleksandr Makkuin bilen Hüseýin Çalaýanyň meşhur siluetleri görkeziler.

Guramaçylar Wiwýen Westwudyň we Jon Gallýanonyň derejesindäki dizaýnerleriň öz kolleksiýalarynda sosial synp we milli kimlik meselelerini gozgamak bilen, dürli döwürleriň elementlerini nähili kabul edendigini yzarlamagy meýilleşdirýärler.

 


04.06.2026 17:17
5.8k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....