Döwlet energetika institutynyň iki talyby Hytaýda nazary mehanika boýunça halkara olimpiadada ýeňiş gazandylar

  • 20.12.2025 18:32
  • 7.3k+

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň iki talyby – Dursunjemal Ataýewa hem-de Mähriban Azadowa 4 – 8-nji dekabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Hohaý uniwersiteti tarapyndan guralan abraýly halkara gözden geçirilişine dünýäniň dürli ýurtlarynyň 66 uniwersitetinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça talyplarymyzyň ikisi-de şahsy hasapda II orny we olimpiadanyň toparlaýyn hasabynda II orny eýelemegi başaryp, nazary mehanikany örän oňat bilýändiklerini hem-de ders boýunça ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

17.06.2026 09:44
2.2k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......