Beýik Britaniýa iOS we Android ulgamlaryna ulanyjynyň ýaşyny barlaýan funksiýany ornaşdyrmagy teklip edýär

  • 21.12.2025 20:11
  • 2.6k+

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri tehnologiýa kompaniýalaryna ýüzlenip, iOS we Android ýaly mobil operasion ulgamlaryna has şahsy mazmunly suratlary awtomatik bloklaýan algoritmleri başlangyç sazlamalar hökmünde ornaşdyrmagy teklip etdiler. Financial Times neşiriniň hususy çeşmelerine salgylanyp habar bermegine görä, uly ýaşly ulanyjylar şeýle maglumatlara diňe öz ýaşyny tassyklanlaryndan soň girmäge rugsat alarlar.

Bu başlangyç ýurduň Içeri işler ministrligi tarapyndan zenanlara we gyzlara garşy zorluga garşy göreşmegiň ýakyn günlerde hödürlenjek täze strategiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Häkimiýetler Apple we Google kompaniýalaryny operasion ulgam derejesinde delikat suratlary anyklaýan mehanizmleri girizmäge borçly etmegi göz öňünde tutýarlar. Kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylara şeýle mazmundaky suratlary düşürmek we ýaýratmak gadagan ediler.
Çagalary goramak meseleleri boýunça ministr Jess Fillips ýakynda HarmBlock goşundysy ornaşdyrylan Fuse smartfonyny çykaran HMD Global kompaniýasynyň tejribesine ýokary baha berdi. Bu programma wejera häsiýetli suratlary awtomatik anyklaýar we bloklaýar.
Esasy talaplar we mehanizmler:

  • Tassyklama: Içeri işler ministrligi ulanyjylaryň kämillik ýaşyny biometrik maglumatlar ýa-da resmi şahsyýetnamalar arkaly tassyklatmagyny isleýär.
  • Hemişelik gözegçilik: Ozal çagalara garşy jenaýat eden şahsyýetleriň enjamlarynda bloklaýjy funksiýalar hemişelik işjeň ýagdaýda bolar.
  • Gerimi: Başlangyç mobil enjamlara gönükdirilen hem bolsa, geljekde bu düzgüniň şahsy kompýuterlere hem degişli edilmegi mümkin. Meselem, Microsoft Teams meýilnamasynda eýýäm "ýerli-ýersiz mazmuny" anyklaýjy gural bar.

Häzirki wagtda iPhone we iPad enjamlarynda ata-ene gözegçiligi gurallary bar, emma olar diňe Apple-iň hususy goşundylarynda (Messages, AirDrop we FaceTime) işleýär. 13 ýaşyna ýetmedik çagalaryň enjamlarynda beýle ýagdaýlarda ata-ene gözegçilik paroly talap edilýär; has uly ýaşly ýetginjekler bolsa bu duýduryşlary ýönekeýje äsgermezlik edip bilýärler. Google-yň bolsa Android smartfonlarynda we gözleg ulgamynda çagalaryň belli bir goşundylara girişini çäklendirýän ýa-da doly bloklaýan Family Link ulgamy bar.


16.05.2026 11:20
3.5k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

05.05.2026 15:24
943

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
895

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......