Türkmenistan Hytaý Taýpeýinde geçirilen «FISU Healthy Campus» atly halkara maslahatyna gatnaşdy

  • 20.12.2025 18:19
  • 1.4k+

9-14-nji dekabr aralygynda Hytaý Taýpeýinde ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge «FISU Healthy Campus» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş sekretary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Serdar Gurdow gatnaşdy. Bu barada institutda habar berdiler.

Çäräni guraýjylar Halkara talyplar sport federasiýasynyň (FISU), Aziýanyň talyplar sport federasiýasynyň (AUSF) ýolbaşçylaryny we Merkezi Aziýanyň talyplar sport federasiýasynyň wekillerini bir ýere jemlediler.
S.Gurdow maslahatda milli talyplar sportunyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy boýunça meýilnamalar barada hasabat bilen çykyş etdi.
Fiziki we ruhy saglygy goramagyň häzirki zaman usullary, talyplaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýokary okuw mekdeplerine dolandyryş, sport we howpsuzlyk ulgamynda baha berýän «FISU Healthy Campus» maksatnamasynyň reýting ýörelgeleri - maslahatyň esasy temalary boldy.
Dünýäniň «uniRank» reýtingine we Halkara beden terbiýesi we sport uniwersitetleriniň assosiasiýasyna girýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty dünýä standartlaryny ornaşdyrmakda işjeň gatnaşyjy hökmünde bellenilip geçildi.
1995-nji ýyldan bäri FISU-nyň agzasy bolan Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy daşary ýurtlaryň degişli hünär guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....