Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga bardy

  • 21.12.2025 23:59
  • 8k+

Şu gün, 21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinden uçan Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň howa menziline gondy.
RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça bu resmi däl duşuşyga Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.
Her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirmek däbe öwrülen bu duşuşyk 2017-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär we 2018-nji ýyldan bäri ol Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk eder.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......