Hindi kompaniýasynyň paýnamalary 20 aýda 55 000% ýokarlandy

  • 20.12.2025 16:16
  • 3.8k+

Hindistanyň kän bir bilinmeýän RRP Semiconductor Ltd. kompaniýasynyň paýnamalary oňyn girdejiniň ýokdugyna we bary-ýogy iki işgäriniň bardygyna garamazdan, soňky 20 aýda 55 000%-den gowrak gymmatlady. Paýnama bahalarynyň şeýle ösüşi Hindistanyň Gymmatly kagyzlar boýunça komissiýasy tarapyndan barlagyň sebäbi boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Ozal GD Trading and Agencies ady bilen işlän kompaniýanyň paýnamalary 7-nji noýabrda iň ýokary derejesine ýetdi. Ösüşe internetde işjeň gürrüňler, erkin dolanyşykda az sanly paýnamalaryň bolmagy we ýarymgeçirijiler pudagyndaky umumy gyzyklanma ýardam etdi. Düzgünleşdiriji edara gatyşandan soň, söwda hepdede bir gün bilen çäklendirildi, netijede paýnamalaryň bahasy 6% peseldi.
Neşiriň maglumatlaryna görä, kompaniýada üýtgeşmeler 2024-nji ýylda, abraýly hindi maýadary Çodankar gözegçilik bukjasyny satyn alyp, öz paýyny 74,5%-e ýetirenden soň başlady. Kompaniýa mikroshemalary ýygnaýan taslama hökmünde gaýtadan hasaba alyndy, ýöne önümçilik häzire çenli başlamady, maliýe görkezijileri bolsa ýitgili bolmagynda galýar.
Aprelde gazna biržasy kompaniýanyň paýnama satuwyny gadagan etdi, ýöne kompaniýa kazyýetde bu çözgüde garşy şikaýat arzasyny berdi.
RRP şikaýat işlerine salgylanyp, metbugatda teswir bermekden ýüz öwürýär.


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

22.03.2026 08:09
4.6k+

Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...

20.03.2026 20:04
5.9k+

Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy

«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...