Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

  • 13.03.2026 17:58
  • 3.1k+

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar.

Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler. Geçen ýyl bu görkeziji 36 milliona deňdi. Umuman alanyňda, Apple her ýyl dünýä bazary üçin 220–230 million smartfon çykarýan bolsa, önümçiligiň dörtden bir bölegi Hindistandaky zawodlaryň paýyna düşýär.

Smartfonlary ýygnamak işleriniň bir bölegini Hytaýdan Hindistana geçirmek işi ABŞ-na getirilýän enjamlara goýulýan gümrük paçlarynyň ýokarlandyrylmak howpy döränden soň başlandy.

Önümçiligiň giňelmegine Hindistanyň häkimiýetleriniň goldawy uly ýardam etdi. Döwlet elektronika kärhanalary üçin infrastruktura ösüşlerini ýörite subsidiýalar arkaly goldady. Muňa garamazdan, baha tapawudy kem-kem azalýan bolsa-da, häzirlikçe Hindistanda iPhone öndürmek Hytaýa ýa-da Wýetnama garanyňda esli gymmada düşýär.

Häzirki wagtda Hindistanda iPhone 17 toplumynyň ähli modelleri ýygnalýar. Şeýle-de, Apple-yň bu ýerdäki potratçylary iPhone 15 we iPhone 16 modellerini öndürmegi hem dowam etdirýärler. Bu enjamlar ýurduň hem içki bazarynda satylýar, hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär.

Mundan başga-da, Apple ýurtda smartfon şaýlarynyň, şol sanda akkumulýatorlaryň önümçiligini-de ösdürýär. Häzir Hindistanda kompaniýanyň alty sany resmi dükany hereket edýär. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda bu ýurtda Apple Pay töleg hyzmaty hem işe giriziler.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....