Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy

  • 20.03.2026 20:04
  • 6k+

«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär.

Patent möhleti gutarandan soň, hindi derman kärhanalary şol dermanlaryň ornuny tutujylary, ýagny has elýeterli analoglaryny öndürip başlarlar.

Synçylar ýakyn wagtda bazara şeýle dermanlaryň 50-ä golaý görnüşiniň çykyp biljekdigini çaklaýarlar. Häzirki wagtda bu çaklamany amala aşyrmak üçin Cipla, Sun Pharma, Biocon we Natco Pharma ýaly iri derman öndüriji kompaniýalar yhlas baryny edýärler.

Häzirki wagtda Hindistanda «Ozempigiň» bir aýlyk kursy 8800–11 000 rupiýa (takmynan $105–130), «Wegowiniňki» bolsa 16 000 rupiýa ($190) ýetýär. Analoglar çykandan soňra bu bahalaryň 3000–5000 rupiýa ($35–60) çenli peselmegine garaşylýar.

Semaglutid bedende işdäni hem gandaky şekeriň derejesini sazlaýar we netijede adamyň özüni uzak wagtlap dok duýmagyna kömek edýär. Aslynda ony süýjüli diabeti bejermek üçin hem ulanyp başlapdylar. Ýöne soňky döwürler horlanmak üçin içmek has ýörgünli boldy.

Jefferies kompaniýasynyň hasaby boýunça Hindistanda şeýle dermanlaryň bazary 1 milliard dollara çenli ýetip biler. Bahalaryň peselmegi bejergi almak isleýänleriň sanyny-da artdyrar.

Bu bazaryň 2021-nji ýyldaky 16 million dollardan şu wagta deňiç 100 million dollara çenli ösendigini hasaba alsaň, çaklamalaryň tiz wagtda hakykata öwrüljekdigini bilip bolýar.


şu gün 11:08
570

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

düýn 22:05
1.6k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.6k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......