NASA: Perseverance marsroweri azyndan 2031-nji ýyla çenli missiýasyny dowam etdirmäge taýýar

  • 20.12.2025 19:24
  • 2.5k+

NASA-nyň Perseverance marsroweri birnäçe tehniki synaglardan üstünlikli geçdi we geljekki ýyllarda Marsda gözleg missiýasyny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini barlamak boýunça müdirlik (NASA) habar berdi.

Hünärmenler apparatyň esasy mehanizmleriniň abatlygyny tassykladylar, bu bolsa oňa Gyzyl planetanyň täze sebitlerini öwrenmek üçin ýene onlarça kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berer.
Reaktiw hereket laboratoriýasynyň (JPL) inženerleri ulagyň kömekçi ulgamlaryna giňişleýin baha berdiler. Synaglaryň netijeleri tekerleriň öwrülme mehanizmleriniň resursynyň (iş ukybynyň) ýene azyndan 60 kilometr ýol geçmäge ýetjekdigini we apparatyň umumy ulanylyş möhletiniň azyndan 2031-nji ýyla çenli dowam edip biljekdigini görkezdi.
2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda gonandan bäri, Perseverance roweri Ýezero kraterinde takmynan 40 kilometr ýol geçdi. Rower tiz wagtdan täze sebit bolan Lac de Charmes-e tarap ugrar. Alymlar ol ýerde gadymy mikrobial ýaşaýşyň bolmagy baradaky öňki maglumatlaryň üstüni ýetirjek dag jynslarynyň nusgalaryny tapmaga garaşýarlar. Awtonom nawigasiýa ulgamlary marsroweriň netijeli hereketini üpjün edip, oňa howpsuz ýollary özbaşdak saýlamaga we päsgelçiliklerden aýlanyp geçmäge mümkinçilik berýär.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......