Aşgabatdaky 131-nji orta mekdebiň okuwçysy Russiýada «Ýylyň ýaş alymy — 2025» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldy

  • 21.12.2025 23:37
  • 8.1k+

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň okuwçysy Muhammetguly Handurdyýew Russiýanyň Penza şäherinde «Ýylyň ýaş alymy — 2025» ady bilen geçirilen XXI halkara ylmy-gözleg bäsleşiginde I orna mynasyp boldy. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Muhammetguly bu bäsleşige mugallymy Oguljeren Amanowanyň ýolbaşçylygynda gatnaşdy. 
«Ýylyň ýaş alymy — 2025» Penza şäherindäki «Наука и Просвещение» ylmy-metodiki merkezi tarapyndan yzygiderli geçirilýär. Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň ylmy işlerini höweslendirmek hem-de olaryň ylmy makalalaryny çap etmekden ybaratdyr.
Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar we olaryň işleri ýörite ylmy makalalar ýygyndysynda neşir edilýär.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......