Hýu Jekman täze komediýada goýunlara detektiw okap berýär: "Goýun detektiwler" filminiň treýleri çykdy

  • 21.12.2025 15:28
  • 4.3k+

Amazon MGM Studios özüniň YouTube kanalynda "The Sheep Detectives" (Goýun detektiwleri) atly komediýa filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Kinokartinanyň dünýä premýerasyna 2026-njy ýylyň maý aýynda garaşylýar.

Filmiň wakalary Jorj atly çopanyň (Hýu Jekman — "Dedpul we Rosomaha") töwereginde bolup geçýär. Ol her gün öz sürüsine detektiw romanlaryny sesli okap berýär. Günleriň birinde fermada syrly jenaýat ýüze çykanda, asuda durmuş bozulýar. Iň gyzykly ýeri bolsa, bu çylşyrymly işi derňemek wezipesini "tejribeli" goýunlaryň özi öz üstüne alýarlar.
Filmde dünýä belli aktýorlaryň topary jemlenipdir. Jekmandan başga-da, esasy keşpleri Emma Tompson (“Meniň elhenç enekäm”), Braýan Krenston (“Ähli agyr işlere baş goşmak” / Breaking Bad), Rejina Holl (“Gorkunç kino”), Patrik Stýuart (“Logan”, “Iks-adamlar”) janlandyrýar.
Filmiň ssenarisiniň awtory — meşhur "The Last of Us" (Biziň soňkymyz / Одни из нас) serialynyň döredijileriniň biri Kreýg Meýzin.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....