Hogwarts Legacy oýnunyň 40 million nusgasy satyldy

  • 20.12.2025 19:43
  • 2.8k+

"Garri Potter" älemine esaslanýan "Hogwarts Legacy" oýnunyň işläp düzüjileri onuň satuwynyň 40 million nusga ýetendigini yglan etdiler. Taslama bu sepgide 2023-nji ýylyň fewralynda satuwa çykarylandan soň, tas üç ýyla golaý wagtyň içinde ýetdi.

Şu ýylyň mart aýynda oýnuň satuw mukdary 34 million nusga deňdi. Bu bolsa soňky sekiz aýyň dowamynda oýna bolan islegiň ýene 6 million nusga artandygyny aňladýar.
Bellärlikli tarapy, Steam platformasynda bu bir oýunçyly (single-player) başdan geçirmä bolan gyzyklanma ýokary bolmagynda galýar. Taslama ol ýerde yzygiderli görnüşde bir wagtyň özünde 15 000-den 20 000-e çenli oýunçyny özüne çekýär. Bu bolsa wirtual dünýäniň durnukly meşhurlygyny subut edýär.

şu gün 12:35
2.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......