Samsung Oura bilen patent dawasy sebäpli Galaxy Ring 2 akylly ýüzügini çykarmagy yza süýşürdi

  • 20.12.2025 19:19
  • 2.4k+

Samsung kompaniýasy Galaxy Ring 2 akylly ýüzüginiň önümçiligini yza süýşürmek kararyna geldi. "Dealsite" neşiriniň habaryna görä, akylly ýüzük bazarynda liderleriň biri bolan "Oura" kompaniýasy bilen dowam edýän patent dawasy Samsung-da ikirjiňlenmeleriň döremegine sebäp boldy.

Ozal täze önümiň geljek ýylyň başynda geçiriljek Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşynda görkezilmegine garaşylýardy. Emma häzirki wagtda täze modeliň geljegi näbelli bolup galýar. Noýabr aýynda Oura kompaniýasy ABŞ-nyň Halkara söwda komissiýasyna şikaýat edip, Samsung, Reebok, Zepp we Nexxbase ýaly öndürijileri öz patentlerini bozmakda aýyplady.
Bazaryň häzirki modele bolan gatnaşygy hem ýagdaýy çylşyrymlaşdyrýar. Ýüzügiň ilkinji tapgyry gaty çalt satylan hem bolsa, alyjylaryň başlangyç gyzyklanmasy durnukly islege öwrülmedi.
Galaxy Ring-iň birinji nesli 2024-nji ýylyň ýanwarynda hödürlenipdi. Ikinji wersiýanyň işlenip düzülýändigi baradaky maglumatlar bolsa şol ýylyň tomsunda peýda boldy.


21.02.2026 10:19
2.6k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.6k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
5.9k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...

05.02.2026 13:09
5k+

Samsung kamerasynyň we zumuň täze mümkinçiliklerini görkezdi. Ähtimal, bular Galaxy S26 modellerinde bolar

​Samsung kompaniýasy Groove, Glow we Closer atly gysga wideolaryň tapgyryny neşir etdi. Resmi taýdan bu diňe tehnologiýalaryň görkezilişi bolsa-da, iş ýüzünde bu Galaxy-nyň geljekki neslinde ulanyjylara nämeleriň garaşýandygyna gytaklaýyn yşaratdyr...