Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

  • 11.04.2026 10:19
  • 3.3k+

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun aldylar. Şol bir wagtda, sorag edilenleriň 24%-i muny, tüýs gyzyklanma sebäpli ýörite edendigini tassyklady.

Bu gelşiksiz hereketiň netijesinde şahsy suratlar we ýazgylar, şeýle hem bank maglumatlarydyr parollar başga adamlaryň gözüne ilip bilýär. Şu kysmy ýagdaýyň esasan köp bolýan ýeri hökmünde bolsa jemgyýetçilik ulaglary (57%) görkezildi.

Ýewropalylaryň 33%-i jemgyýetçilik ýerlerinde başga biriniň telefonynda şahsy mazmunly zatlary, 27%-i bolsa görmäge hiç hili haky bolmadyk zatlary-da görendiklerini aýdýarlar.

Başgalaryň ekranynda iň köp üns çekýän zatlar:

  • Şahsy suratlar / galereýa — 38%;
  • Wideogepleşikdäki adamyň ýüzi ýa-da sesi — 33%;
  • Şahsy hatlar (meselem, ýanýoldaşyndan gelen) — 29%;
  • Sosial ulgamlardaky bildirişler we profiller — 27%;
  • Onlaýn söwda — 17%;
  • Tanyşlyk programmalaryndaky hatlar we profiller — 12%;
  • Bank hasabyndaky amallar — 11%.

Şeýlelikde, telefonyna başga biriniň gözetleýändigini duýan ulanyjylaryň tas 40%-i hasaplaşyk geçirmek ýa-da parol girizmek ýaly möhüm işlerini has ygtybarly ýagdaýa çenli yza süýşürmeli bolýarlar. Sebäbi şeýle ýagdaýa sezewar bolan adamlaryň diňe 10%-i ekranyna jyklaýan adama gönümel duýduryş berip bilýär. Galany bolsa, beýdip duranlaryndan telefony ýygnanlaryny has gowy görýärler

Samsunga bu barlagy geçirmäge düýpli esas bolan zat, ulanyjylaryň gizlinlik meseleleri boýunça aladalarynyň barha artmagydyr. Günorta Koreýanyň tehno ägirdi şu meseleden ugur alyp, ýakynda täze Galaxy S26 Ultra modelinde ekrandaky islendik zady del nazarlardan gizlejek «Privacy Display» funksiýasyny-da girizdi. Bu funksiýa ekrany gapdaldan seredýänler üçin garaldyp, hatda adamlaryň gür ýerinde-de maglumatlaryň gizlin galmagyny üpjün edýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...