Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

  • 24.02.2026 09:33
  • 1.5k+

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi. Integrasiýanyň jikme-jikliklerini ýakyn wagtda mälim etmek meýilleşdirilýär.

Perplexity bir wagtyň özünde birnäçe emeli aň çözgütleriniň bilelikdäki işine esaslanýan Galaxy AI çemeleşmesiniň bir bölegi bolar. Täze gural Samsung-yň öz programmalary, şol sanda Notes, Clock, Gallery, Reminder we Calendar bilen özara täsirleşip biler. Şeýle-de, käbir üçünji tarap programmalarynyň hem goldanyljakdygy aýdylýar, emma olaryň sanawy heniz aýan edilmedi.
Perplexity agenti "Hey Plex" sesli buýrugy arkaly, şeýle hem enjamyň fiziki düwmeleri bilen baglanyşykly çalt girmegiň kömegi bilen işlediler.
Kompaniýa Galaxy AI-yň dürli EA modelleriniň işini utgaşdyrýan merkezi ulgam hökmünde hyzmat etjekdigini belleýär.
Samsung-yň Mobile eXperience bölüminiň prezidenti we baş operasion direktory Çoý Won-Junyň sözlerine görä, kompaniýanyň maksady — gündelik meseleleri ýerine ýetirmekde ulanyjylara has köp çeýelik we saýlamak mümkinçiligini bermekdir.


03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......