Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

  • 23.03.2026 00:03
  • 5.8k+

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar.

Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar. Ýöne resmi taýdan şeýle programma ýok. Gürrüň diňe müşderileri saklap galmak üçin ulanylýan aýratyn çäreler barada gidýär.

Şeýle tejribe Samsung-yň Galaxy S26 seriýasyna bolan islegiň örän ýokarydygy we deslapky sargytlaryň rekord derejededigi baradaky beýanatlaryň köplüginde geň görünýär. Kompaniýanyň özi şeýle görnüşde öwez puluň bardygyny resmi taýdan tassyklamady, şeýle hem olaryň haýsy ýurtlarda we näderejede giňden ulanylýandygyny mälim etmedi.

Seljerijiler bu görnüşli çäreleriň kompaniýanyň mobil bölümine edilýän basyş bilen bagly bolup biljekdigini çaklaýarlar. Mundan ozal girdejiniň azalmagy, amaly çykdajylaryň artmagy we çykdajylary optimallaşdyrmagyň zerurdygy barada habar berlipdi. Şeýle hem, ulanyjylar Galaxy S26 Ultra-nyň ekranynyň hilinden we göz üçin döredýän oňaýsyzlygyndan şikaýat edipdiler.


12.05.2026 14:43
7.7k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...