Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

  • 12.05.2026 14:43
  • 7.9k+

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi.

Şikaýat arzasy Kaliforniýanyň federal kazyýetine berildi. Resminamalarda aýdymçynyň suratynyň Samsung Crystal UHD telewizorlarynyň gutularynda ulanylandygy bellenilýär. Dua Lipanyň wekilleri awtorlyk hukugynyň, haryt nyşanyna bolan hukugyň we keşbi ulanmak hukugynyň bozulandygyny aýdýar.

Dua Lipanyň aklawçylarynyň pikiriçe, kompaniýa öz önümlerini mahabatlandyrmak üçin aýdymçynyň meşhurlygyndan peýdalanypdyr we onuň bu brend bilen hyzmatdaşlyk edýändigi ýa-da Samsung önümlerini goldaýandygy barada galat düşünje döredipdir.

Işiň materiallaryna görä, bu surat 2024-nji ýylda Austin City Limits aýdym-saz festiwalynyň sahna arkasynda düşürilipdir we ABŞ-nyň Awtorlyk hukugy býurosynda hasaba alnypdyr.

Şeýle-de, aýdymçynyň aklawçylary Samsung-yň kazyýetden öňki nägilelik talapnamasyny alandan soň hem suraty ulanmagy bes etmändigini öňe sürýär. Arzada Samsung telewizoryny gutusyndaky Dua Lipanyň suraty üçin satyn alandygyny ýazan sosial torlary ulanyjylaryň ýazgylary hem görkezilýär.


düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....