Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

  • 11.04.2026 14:59
  • 8k+

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Sanawyň lideri dünýäniň ähli satuwynyň takmynan 5%-ini tutan iPhone 17 Pro Max boldy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde iPhone 17 we iPhone 17 Pro eýeledi. Şeýle hem sanawa iPhone 16 (dördünji orun) we iPhone 16e (sekizinji orun) girmegi başardy.

Samsung kompaniýasy esasan «Galaxy A» hatarynyň saýasynda ilkinji onlukda dört orny eýeleýär. Sanawa Galaxy A56, Galaxy A36, Galaxy A07 modelleri we flagman Galaxy S25 girdi.

Başga brendiň ýeke-täk wekili bolsa sanawyň dokuzynjy ornunda ýerleşen Xiaomi kompaniýasynyň Redmi A5 modeli boldy.

Umuman alanyňda, iň meşhur on sany model çärýek boýunça dünýä satuwynyň 23%-ini üpjün etdi.

Analitikler Apple kompaniýasynyň durnuklylygyny aýratyn nygtaýarlar: iPhone 16 modeli 2025-nji ýylyň dowamynda onlukdan çykmady. Bilermenler täze iPhone 17 hatarynyň üstünligini satuwlaryň şowly başlamagy we esasy wersiýalaryň tehniki taýdan kämilleşdirilmegi, şol sanda operatiw ýadyň göwrüminiň artdyrylmagy we ekranyň täzeleniş ýygylygynyň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.


12.05.2026 18:27
1.5k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

12.05.2026 14:43
7.1k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......