Disney ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat bilen ýüzbe-ýüz boldy

  • 20.05.2026 10:06
  • 2.2k+

Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde ýüzi tanamak ulgamynyň ulanylmagy sebäpli Disney kompaniýasynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi. Şikaýatçylar seýilgählere gelýän adamlara biometrik maglumatlaryň ýygnanylýandygy we işlenilýändigi barada degişli derejede duýdurylmaýandygyny öňe sürýär.

Arzada seýilgäh myhmanlarynyň ýüzi skanirlemek tehnologiýasyny ulanmak üçin ýazmaça razylyk bermändikleri aýdylýar.

Gelýänleriň toparynyň bähbitlerini aklawçy Bleýk Ýagman goraýar. Onuň aýtmagyna görä, şeýle maglumatlaryň ýygnanylmagy diňe ulanyjylar tarapyndan anyk tassyklama berlenden soň amala aşyrylmalydyr.

Bu iş boýunça talabyň möçberi azyndan 5 million dollara barabar. Şeýle-de, şikaýat arzasynda Disney-iň maglumatlary saklamak we bozmak boýunça alyp barýan syýasaty şübhe astyna alynýar. Kompaniýa mundan ozal skanerlerden alnan maglumatlaryň 30 günden köp saklanmaýandygyny mälim edipdi.

Arzanyň awtorlary maglumatlaryň has uzak wagtlap saklanmagynyň mümkindigini çaklaýar, sebäbi ýüzüň şekilleri bilet satyn alnanda we ýyllyk abonentler resmileşdirilende ulanylan fotosuratlar bilen deňeşdirilýär.

Disney ýüzi tanamak ulgamyny 2026-njy ýylyň aprel aýynda işe girizipdi. Ol biletleri has çalt barlamak we gelýänleri seýilgählere çalt geçirmek üçin ulanylýar.


06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 22:59
2.5k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 17:31
1.3k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....