Disney “Doňan ýürek”, “Moana” we “Enkanto” multfilmlerinden esasy aýdymlary yşarat diline geçirdi

  • 23.04.2026 15:05
  • 1.6k+

27-nji aprelde Disney+ striming hyzmaty "Enkanto", "Doňan ýürek - 2" we "Moana - 2" multfilmlerinden esasy aýdymlaryň täzelenen wersiýalaryny çykarar. Onda gahrymanlar hit aýdymlary amerikan yşarat dilinde (ASL) ýerine ýetirýär.

Taslama "The Next Right Thing", "We Don't Talk About Bruno" we "Beyond" aýdymlaryny öz içine alýar, olaryň animasiýalary yşarat dilini dogry beýan etmek üçin doly täzeden işlenip düzüldi.

Taslama Disney-iň belli animatory Haýram Osmond ýolbaşçylyk etdi. Deaf West teatrynyň çeper ýolbaşçysy Di Jeý Kurs aýdymlary ASL diline terjime etdi, horeograf Katalin Sakkettiniň hereketleri bolsa animasiýa döretmek üçin esas bolup hyzmat etdi.

Osmondyň sözlerine görä, adaptasiýany döretmek pikiri onuň öz  kakasy bilen gepleşmekdäki şahsy tejribesinden döräpdir: animator ker we eşidişi pes tomaşaçylara päsgelçiligi ýok etmäge ýardam bermek isleýär.

Döredijiler yşaratlaryň şahsylaşdyrylyşyna aýratyn üns berdiler. Sakkettiniň düşündirmegine görä, her bir gahrymanyň yşarat stili olaryň şahsyýetini görkezmäge gönükdirilen: käbir gahrymanlaryň yşaratlary dogumly, käbirleriniňki bolsa birneme salykatly, sabyrly. Bu bolsa animasiýanyň mümkin boldugyça realistik bolmagyna hem-de adamlaryň dili dürli tizlikde we dürli emosional öwüşginde ulanýan ASL ýörelgelerine laýyk gelmegine mümkinçilik berdi.

“Disney” öz ýörite taslamalary bilen ugurdaşlykda meşhur franşizalarynyň indiki bölümleriniň üstünde işlemegini hem dowam etdirýär. “Doňan ýürek - 3” we “Doňan ýürek - 4” häzirki wagtda bir wagtyň özünde işlenip düzülýär. Mark Smit bilen bilelikde taslamalaryň üstünde işleýän Jennifer Li işleriň çalt depginde dowam edýändigini habar berdi. Üçünji bölümiň 2027-nji ýylyň 24-nji noýabrynda çykmagy meýilleşdirilýär.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....