Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

  • 12.05.2026 18:27
  • 1.8k+

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.

Hristian liderleri bilen geçirilen ýapyk maslahatlardan soň, Anthropic we OpenAI kompaniýalarynyň degişli işgärleri Nýu-Ýorkda geçirilen Faith-AI Covenant atly tegelek stoluň başyndaky dinara söhbetdeşlige gatnaşdylar. Bu maslahatlara hristianlaryň, ýahudylaryň, induizmiň, sikhizmiň we mormon buthanasynyň  din wekilleri gatnaşdy.

Anthropic bu maslahatlaryň Claude-yň ösüşine nähili täsir etjekdigini açyk aýtmaýar. Ýöne kompaniýa öz wagtynda emeli aňyň eýermeli ahlak ýörelgelerinden ybarat bolan «konstitusiýa» barada mälim edipdi.

Kompaniýanyň hünärmenleri generatiw EA üçin ähliumumy ahlak kadalaryny döretmegiň çylşyrymlydygyny boýun alýarlar. Şol sebäpli işläp düzüjiler ahlak çemeleşmeleriň daşarky çeşmelerini, şol sanda dini guramalaryň tejribelerini öwrenip başladylar.

Maslahatlara britaniýaly syýasatçy we sanly howpsuzlyk hünärmeni Joanna Şilds hem goşuldy. Heniz kompaniýalar bu duşuşyklardan alnan anyk teklipleri äşgär etmediler, şeýle-de dini ýörelgeleriň Claude ulgamyna girizilendigi barada habar bermediler.

Humane Intelligence guramasynyň ýolbaşçysy Rumman Çoudhury, tehnologiýa kompaniýalarynyň ähli ulanyjylar üçin umumy ahlak ýörelgelerini döretmegiň kynçylygyna kem-kemden düşünip başlandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, din çylşyrymly ahlak ýagdaýlary bilen işlemekde esasy usullaryň biri bolmagynda galýar.


19.06.2026 19:38
647

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......