WSJ: Disney müňlerçe işgärini işden çykarmagy meýilleşdirýär

  • 15.04.2026 19:42
  • 2k+

Disney kompaniýasy işgärleriň sanyny köpçülikleýin azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Wall Street Journal» neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, işden çykarmalaryň esasy bölegi birleşdirilen marketing bölümine degişli bolar. Bu çäreler çykdajylary optimizirlemegiň we kompaniýanyň içindäki özara gatnaşyklary gowulandyrmak synanyşygynyň bir bölegi hökmünde görülýär.

Häzirki wagtda Disney kompaniýasynda 231 müňe golaý adam işleýär. Işgärleriň ep-esli bölegi harytlary öndürmek we dynç alyş seýilgählerini dolandyrmak ulgamynda zähmet çekýär.

Üýtgedip gurmak işleri mundan ozal Bob Aýgeriň ýolbaşçylygynda başlanypdy we şonda 8 müňe golaý işgär boşadylypdy. Iş orunlaryny azaltmagyň täze tapgyrynyň has giň gerimli bolmagyna garaşylýar.

Kompaniýanyň bu çözgüdine dynç alyş ulgamyndaky ýagdaýlar täsir edýär. Striming hyzmatlarynyň meşhurlygynyň artmagy bilen kompaniýanyň girdejileri azalýar. Disney tygşytlanan serişdeleri sanly platformalary ösdürmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....