«Magtymguly Pyragy» «Oltin Humo – 2025» atly milli kinobaýragynda iň gowy film hökmünde yglan edildi

  • 21.12.2025 23:46
  • 6.1k+

Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Özbegistanda geçirilen «Живая история» («Janly taryh») atly halkara kinoforumynda «Iň oňat film» diýen ýokary baha mynasyp boldy. Şeýle hem iň oňat grim we lybaslar üçin baýraklary eýeledi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Halkara kinoforum Daşkent şäherinde Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň hem-de Özbegistanyň Kino işgärleriniň döredijilik birleşiginiň goldaw bermeginde guraldy.
Filmiň režisýory Muzaffar Erkinow bu eseriň üstünde işlemegiň iki halkyň ruhy ýakynlygyny we gymmatlyklaryna bolan düşünjeleri has-da berkitjekdigini belledi.
Bu çäre dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Ýaponiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Hytaýdan, ABŞ-dan, Fransiýadan we beýleki döwletlerden režisýorlary, prodýuserleri we hünärmenleri bir ýere jemläp, kino ulgamynda öňdebaryjy halkara forumlarynyň biri hökmünde öz derejesini tassyklady.
Türkmenistanyň wekiliýeti forumda hünärmenler jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden milli kino taslamalaryny hödürledi. Geçirilen çekişmeleriň dowamynda taryhy we medeni mirasa täzeçe garamagy, şeýle hem kino we animasiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň jemleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak barada ähtnamalara gol çekildi.
Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu kinotaslama Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hem-de Milli kinematografiýany ösdürmek boýunça merkeziniň goldawy bilen amala aşyryldy. Filmde Türkmenistanyň öňdebaryjy artistleri surata düşdüler.
Bu filmiň Aşgabatda, Bolgariýada, Kazanda, Türkiýede, Londonda geçirilen halkara festiwallaryndaky üstünlikleri, şeýle hem Nýu-Ýork, Barselona, Izmir we beýleki şäherlerde görkezilmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky mizemez dostlukly gatnaşyklaryň subutnamasydyr.


düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
8.2k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
790

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......