5.8k+

Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi

Toyota özi üçin adaty däl usulda täze flagman superkarynyň ilkinji tizerini görkezdi. Kompaniýa dürli ýyllarda markanyň köp sanly belli modelleriniň synaglarynyň geçen ýeri bolan Ýaponiýadaky Fuji Speedway ýaryş ýolunda ulagyň suraty bilen uly banner ýerleşdirdi...

6.9k+

FIFA dünýä çempionatyny güýze ýa-da ýaza geçirmek barada pikirlenýär

FIFA futbol boýunça dünýä çempionatyny adaty tomus möwsüminden başga pasla geçirmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy. Onuň sözlerine görä, gürrüň diňe bir ýaryş barada däl, eýsem umumy senenama täzeden garamak barada gidýär...

1.9k+

Türkmenistanyň DIM-nde Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk barada

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi...

2.1k+

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýaponiýanyň ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermgine görä, duşuşykda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ösüşiniň ýokary depginini bellediler...

17k+

Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi

Filippinleriň kenarynda anna gününe geçilen gije güýçli ýertitreme bolup geçdi. Onuň ululygy 7,6 bal boldy diýip, Filippinleriň wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty (Pholvolcs) habar berdi. Ýertitremäniň ojagy Dawao portundan, takmynan, 144 km uzaklykda, deňiz düýbünden 58 km töweregi çuňlukda ýerleşýär...

4.7k+

Ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlar

36 ýaşly ispaniýaly futbolçy Žordi Alba MLS möwsüminiň ahyrynda karýerasyny tamamlajakdygyny aýtdy. Bu barada “Inter Maýaminiň” goragçysy Instagram-da habar berdi. “Minnetdar, futbol, hemme zat üçin köp minnetdar” – diýip, ol sosial ulgamda ýazdy we ýörite wideo bilen paýlaşdy...

4.3k+

Vittori 2,5 million dollarlyk ilkinji Turbio giperkaryny görkezdi

Vittori atly italýan-amerikan kompaniýasy meşhur Pininfarina dizaýn öýi tarapyndan döredilen ilkinji Turbio atly giperkaryny tanyşdyrdy. Bu awtoulag diňe 50 sany çäkli nusgada öndüriler. Bahasy resmi taýdan yglan edilmedik bolsa-da, hünärmenler onuň takmynan 2,5 million dollar boljakdygyny çaklaýarlar...

8.6k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitinde möhüm teklipleri öňe sürdi

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanda Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy. Täjigistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri gatnaşdylar...

8.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

4k+

Nikol Kidman 20 ýyldan soň ýene Chanel-iň ilçisi boldy

Nikol Kidman ýene Chanel-iň ilçisi boldy. Soňky gezek aktrisa brend bilen 20 ýyldan gowrak ozal hyzmatdaşlyk edip, Chanel № 5 hoşboý ysynyň meşhur mahabatyna gatnaşypdy. Aktrisa täze döredijilik müdiri Matýe Blaziniň gözýetimi bilen tanyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy...