Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

  • 25.05.2026 17:12
  • 6.7k+

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi.

34 ýaşly türgen daga çykyşy barada sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi. Nabiýew bu üstünligini özüniň durmuş ýoluny we sport gazananlaryny yzarlaýanlara bagyşlady.

«Bu hereketim bilen diňe bir zady aýtmak isleýän: içiňizde jan barka, göreşiň! Haýyş, iň soňuna çenli göreşiň! Bu muňa degýär» — diýip, türgen ýazdy.

Rustam Nabiýew alpinizm boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynyň rekordçysy we bäş gezek dünýä rekordçysydyr.

2015-nji ýylda Omsk şäherindäki howa-desant goşunlarynyň okuw merkeziniň kazarmasynyň bir böleginiň ýumrulmagy netijesinde ol iki aýagyndan mahrum boldy. Şol heläkçilikde 24 adam aradan çykyp, 21 adam ýaralanypdy.

Dikeldişden soň Nabiýew sport bilen meşgullanyp başlady. Ilki ol slež-hokkeý (maýyplygy bolanlar üçin hokkeý) oýnady, 2020-nji ýylda bolsa alpinizm bilen meşgullanyp başlady.

Ozal türgen Kazbek, Ararat, Kilimanjaro, Elbrus, Akonkagua, Mera Pik we Manaslu daglarynyň depelerine çykdy.


şu gün 10:46
2.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....