BMG: Afrikanyň paýyna dünýädäki jaý maliýeleşdirilmeleriniň 3%-denem az bölegi düşýär

  • 24.05.2026 15:32
  • 3.9k+

Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäherler forumynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Mohammed örän möhüm maglumaty mälim etdi. Maglumata görä, dünýä boýunça şäher ilatynyň takmynan 20%-iniň (bäşden biriniň) Afrikada ýaşaýandygyna garamazdan, bu yklymyň paýyna global jaý gurluşyk maliýeleşdirilmeleriniň tas 3%-inden hem az bölegi düşýär.

Amina J. Mohammed «Elýeterli jaý baradaky Afrika ylalaşygy –maýadarlar üçin sessiýa» atly çärede çykyş edip, halkara maliýe gurallarynyň sebitiň ösüş maksatnamalaryna görä täzeden üýtgedilmeliginiň we uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin has kämil meýdançalaryň döredilmeliginiň wajypdygyny ýatlatdy.

BMG-niň wekiliniň aýdyşy ýaly, adamlary jaý bilen üpjün etmek diňe bir olara öý bermek däl-de, eýsem durnukly ösüşiň iň esasy sütünleriniň biridir. Çünki elýeterli we howpsuz jaýlar jemgyýetde durnuklylygy saklaýar we adamlaryň saglygyny gowulandyrýar, gender deňligini goldap, täze iş orunlarynyň döremegine ýol açýar.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Afrikadaky ýaşaýyş jaý gorunyň entek doly emele gelmändigi we täze gurulýandygy bellenildi. Şonuň üçin hem ekologiýa we howa şertlerini hasaba alyp, şu günki gurluşykda kabul ediljek kararlar sebitiň şäherleriniň ýene on ýyldan soňky durmuşyny kesgitlejek esasy faktor bolar.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary häzirki wagtda Afrikanyň hakyky jaý zerurlyklary bilen oňa berilýän halkara goldawlaryň arasyndaky deňagramlylygyň örän uly we adalatsyzdygyny aýratyn nygtady.


11.06.2026 12:12
7.9k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

21.05.2026 18:02
2.7k+

UN-Habitat Aşgabatda öz wekilhanasyny açmagyň mümkinçiliklerine seredýär

UN-Habitat maksatnamasy Aşgabatda özüniň taslama edarasyny açmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu barada Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher forumynda (WUF13) mälim edildi....