UN-Habitat Aşgabatda öz wekilhanasyny açmagyň mümkinçiliklerine seredýär

  • 21.05.2026 18:02
  • 2.7k+

UN-Habitat maksatnamasy Aşgabatda özüniň taslama edarasyny açmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu barada Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher forumynda (WUF13) mälim edildi.

Degişli çykyşy UN-Habitat maksatnamasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň direktory Irfan Ali amala aşyrdy. Onuň bellemegine görä, bu gurama sebit boýunça 25 ýurtda alnyp barylýan işleri utgaşdyrýar we häzirki wagtda Kiýewde, Moskwada, Kosowoda hem-de Bakuwda öz maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ol Aşgabatda hem şeýle ofisiň ýakyn wagtda işe başlajakdygyna umyt bildirdi.

«Sebitimizdäki ýurtlarda şäherleşme depgini güýçlenýär we Aşgabat hem häzirki wagtda durnukly şäherler hem-de şäher ösüşi boýunça halkara dialogyň möhüm bölegine öwrülýär» – diýip, Irfan Ali belledi.

Bu beýanat 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň çäginde geçiriljek BMG-niň ýokary derejeli «tegelek stol» duşuşygynyň öňüsyrasynda yglan edildi. Bu çäre durnukly, inkluziw we «akylly» şäherleri döretmek meselelerine bagyşlanar.

Bu foruma dünýäniň 55 ýurdundan 650-den gowrak wekiliň — halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň, maýadarlaryň, binagärleriň, inženerçilik kompaniýalarynyň we şähergurluşyk ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

UN-Habitat maksatnamasynyň sebitara geňeşçisi Katýa Şefer Täze şäher gün tertibiniň ählumumy borçnamalaryny durmuşa geçirmek üçin tehnologiýalaryň, maýa goýumlaryň we baş meýilnamalaşdyrmagyň özara utgaşdyrylmalydygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, Aşgabatda döwrebap gurluşyk çözgütleriniň we sanly modelirleme ulgamynyň ulanylmagy sebitde durnukly hem-de ekologiýa taýdan arassa şäherleriň kemala gelmegine goşant goşup biler.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko durmuş şertleriniň hilini ýokarlandyrmak we inklýuziw şäher gurşawyny ösdürmek üçin sanlylaşdyrmagyň hem-de döwrebap gurluşyk standartlaryny ulanmagyň ähmiýetini aýratyn nygtady.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

09.06.2026 15:05
9.2k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......