Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

  • 25.05.2026 20:46
  • 6k+

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy.

32 ýaşly iňlis hüjümçisi Bundesliga ýaryşynda geçiren 31 duşuşygynda 36 gol girizmegi başardy we baýragyň reýtinginde 72 utuk toplady. Sanawda ikinji orny 27 gol we 54 utuk bilen «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand eýeledi. Üçünji ýerde bolsa Ispaniýanyň çempionatynda 25 gol geçiren «Real Madrid» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe ýerleşdi.

Bu Keýniň karýerasynda ikinji «Altyn butsy» boldy. Ol 2023/2024 möwsüminde «Bawariýa» toparyndaky ilkinji ýylynda hem 36 gol geçirip, bu baýraga mynasyp bolupdy. Iňlis futbolçysy şu möwsümde ähli ýaryşlarda jemi 51 oýna gatnaşyp, 61 gol we 7 assist bilen tapawutlandy.

Norwegiýaly Erling Holand bolsa, öz gezeginde, karýerasynda üçünji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) «Altyn butsy» baýragyny aldy. Angliýanyň çempionatynyň iň gowy bombardiri APL-de geçiren 35 oýnunda 27 gol saldy we 8 assist etdi. Norwegiýaly hüjümçi mundan ozal hem 2022/2023 we 2023/2024 möwsümlerinde APL-iň iň gowy bombardiri baýragyny alypdy.


şu gün 14:15
3.4k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.3k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......