Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi we maslahaty açyldy

  • 24.05.2026 12:05
  • 7.3k+

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat — 2026» (WCA 2026) atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty öz işine başlady. «Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş» şygary astynda geçýän bu forum häzirkizaman şäher gurşawyny, binagärligi, senagaty we infrastrukturany ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri halkara meýdança öwrüldi.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçýän foruma dünýäniň 55 ýurdundan 800-den gowrak wekil, şol sanda döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň wekilleri, maýadarlar we işewürler gatnaşýar.

Sergi Aşgabadyň binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda halkara derejesindäki gazanan üstünliklerini görkezmek bilen bir hatarda, ýurduň halkara maýa goýum we işewürlik abraýyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Çäre diňe bir döwrebap tehnologiýalary tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem geljegiň şäherlerini durnukly ösdürmek üçin strategik garaýyşlary we amaly çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär.

Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli tegelek stol maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, sergi meýdançasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin B2B görnüşindäki duşuşyklar, tanyşdyryşlar, pikir alyşmalar we täze şertnamalary baglaşmak üçin gepleşikler geçirilýär.

Çäräniň baş hyzmatdaşy hökmünde Çalık Enerji kompaniýasy çykyş etdi. Häzirki wagtda sergi meýdançasynda gurluşyk, senagat, energetika we tehnologiýa ulgamlarynda işleýän 180-den gowrak türkmen we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini we innowasion çözgütlerini hödürleýär.

Sergi diňe bir işewürler däl, eýsem paýtagtymyzyň ähli ýaşaýjylary we myhmanlary üçin açyk bolup, 24-nji maýda sagat 12:00-dan 18:00-a çenli, 25-nji maýda bolsa 09:00-dan 15:00-a çenli dowam eder.

Sergi we maslahat barada has giňişleýin maglumatlary WCA 2026 resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz.


06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

03.06.2026 15:10
6.5k+

Dürli ýurtlaryň brendleri we dizaýnerleri Turkmentextile Expo 2026 sergisinde jemlener

Aşgabatda 4-nji iýundan 6-njy iýun aralygynda «Turkmentextile Expo 2026» halkara sergisi geçiriler. Bu çäre birnäçe ýurduň enjam öndürijilerini, innowasion kompaniýalaryny we dizaýnerlerini bir ýere jemlär....