Dürli ýurtlaryň brendleri we dizaýnerleri Turkmentextile Expo 2026 sergisinde jemlener

  • şu gün 15:10
  • 894

Aşgabatda 4-nji iýundan 6-njy iýun aralygynda «Turkmentextile Expo 2026» halkara sergisi geçiriler. Bu çäre birnäçe ýurduň enjam öndürijilerini, innowasion kompaniýalaryny we dizaýnerlerini bir ýere jemlär.

Italiýanyň wekiliýeti iň iri gatnaşyjylaryň biri bolar. Bu ýurduň milli pawilýony Italiýanyň Daşary söwda agentligi (ICE) tarapyndan Dokma enjamlaryny öndürijileriň assosiasiýasy (ACIMIT) bilen bilelikde guralar. Sergä gatnaşjakdygyny Italiýanyň 11 sany kompaniýasy tassyklady, olaryň hatarynda Bianco, Color Service, Itema, Marzoli we Savio ýaly iri kärhanalar bar.

Sergi dokma enjamlary, tebigy süýümleri gaýtadan işlemek, egin-eşik we aýakgap önümçiligi, öý dokmasy, ätiýaçlyk şaýlary, kömekçi materiallar, himiki serişdeler we boýaglar, aksessuarlar, şeýle hem döwrebap tehnologik çözgütler ýaly ugurlary öz içine alar.

Serginiň işewürlik böleginde ekologiýa taýdan arassa tejribeleri, önümçiligi sanlylaşdyrmagy we pudagyň häzirkizaman tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Gatnaşyjylar täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alar.

Serginiň çäginde türkmen brendleriniň hem-de Fransiýadan, Marokkodan, Omandan, Özbegistandan we Russiýadan geljek dizaýnerleriň gatnaşmagynda moda görkezilişi bolar.

Şeýle hem öz ýygyndylaryny «Miras» moda öýi, «Goç Ýigit», «Däp», «Gulyaka Lybaslary», «Emine Bridal», «Peykam» brendleri, modelýerler Abat Muhammetnyýazowa we Seýrangeldi Berdiýew, dizaýner Anna Korostowa, şeýle-de daşary ýurtly gatnaşyjylar köpçülige hödürlär.

Çäräniň aýratyn hormatly myhmanlary hökmünde «Fashion Channel» kanalynyň eýesi Marsio Noçera we «Vivienne Westwood» moda öýüniň baş direktory Karlo D’Amario gatnaşar.


26.05.2026 13:11
4.1k+

«Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi we maslahaty üstünlikli jemlendi

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24-25-nji maýda dowam eden «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty işjeň ýagdaýda geçirildi. Bu giň möçberli çäre tejribeleri alyşmak,......

24.05.2026 12:05
7.3k+

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi we maslahaty açyldy

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat — 2026» (WCA 2026) atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty öz işine başlady. «Binagärlik. Innowasiýa.......

06.03.2026 21:07
5.9k+

Aşgabadyň Modeller öýünde täze öwüşginlere beslenen milli lybaslaryň baýramçylyk görkezilişi geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky Modeller öýünde baýramçylyk çäresi we sergi geçirildi. Dabara dokma pudagynyň abraýly işgärleri, paýtagtymyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar diýip, «Neýtalnyyý Turkmenistan» gazeti habar berýär...

19.08.2024 14:18
3.7k+

Türkmenistan Hytaýda haryt ýarmarkasynda dokma we haly önümlerini hödürledi

Türkmenistan 16-20-nji awgust aralygynda HHR-de Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde geçirilýän "Kaşgar - Merkezi we Günorta Aziýa" Hytaý haryt ýarmarkasyna gatnaşýar. Türkmen diwarlygynda dokma we haly önümleri hödürlenildi...