Aşgabadyň Modeller öýünde täze öwüşginlere beslenen milli lybaslaryň baýramçylyk görkezilişi geçirildi

  • 06.03.2026 21:07
  • 6k+

Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky Modeller öýünde baýramçylyk çäresi we sergi geçirildi. Dabara dokma pudagynyň abraýly işgärleri, paýtagtymyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar diýip, «Neýtalnyyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Täze lybaslar toplumynyň görkezilişi çäräni gyzykly pursatlara besledi. Modeller öýüniň dizaýnerleri we tikinçileri milli biçüwleri häzirki zaman moda nysaklary bilen utgaşdyrylan döwrebap lybaslary köpçülige hödürlediler. Ýumşak ýüpek we tebigy zygyr matasyndan tikilen köýnekleriň hemmesi diýen ýaly, dürli öwüşginli türkmen keşde nagyşlary bilen bezelipdir.

Geçirilen sergi we lybas görkezilişi ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazanan üstünlikleriniň, şeýle hem pudagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly täze mümkinçilikleriň beýany boldy. Baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ýurduň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.


düýn 19:04
3.4k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....