«Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi we maslahaty üstünlikli jemlendi

  • şu gün 13:11
  • 1k+

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24-25-nji maýda dowam eden «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty işjeň ýagdaýda geçirildi. Bu giň möçberli çäre tejribeleri alyşmak, özara bähbitli täze gatnaşyklary ýola goýmak we geljegi uly taslamalar barada pikir alyşmak üçin ygtybarly binýat boldy.

«Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş» şygary astynda geçirilen foruma dünýäniň 55 ýurdundan wekiller hem-de 180-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşdy.

Serginiň dowamynda energetika, şähergurluşyk, azyk we dokma senagaty, ýol gurluşygy, syýahatçylyk, bilim hem-de medeniýet ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri açylyp görkezildi. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary öz önümlerini we döwrebap hyzmatlaryny hödürläp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Bu ýerde iri taslamalary durmuşa geçirýän Bouygues, GAP Inşaat hem-de BVS ýaly dünýä belli kompaniýalaryň görkezen innowasion çözgütleri aýratyn ünsi çekdi. BVS Construction kompaniýasy Ahal welaýatynyň Änew şäherini sil suwlaryndan we möwsümleýin joşgunlardan goramak üçin niýetlenen desgalar toplumynyň konseptual taslamasyny tanyşdyrdy.

Hytaýyň dünýä belli Unilumin kompaniýasynyň diwarlygy hem sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu kompaniýa LED ekranlarynyň we intellektual yşyklandyryşyň önümçiliginde dünýä liderleriniň biri bolmak bilen, islendik masştabda we energiýa tygşytlaýjy içerki hem daşarky ekranlary hödürleýär. Unilumin FIFA we FIBA ýaly sport assosiasiýalarynyň hem iň esasy tehnologik hyzmatdaşlarynyň biridir.

Sergi meýdançasynda görkezilen otluçöplerden gurlan dünýäniň meşhur binalarynyň, şol sanda Kolizeýiň, Eýfel diňiniň hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk binasynyň ajaýyp maketleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de, bu ýerde dürli ugurlar boýunça «smart» taslamalar we geljegiň innowasion çözgütli binalarynyň özboluşly nusgalary köpçülige hödürlendi.

Serginiň çäklerinde «Iň gowy stend» ugrunda onlaýn ses berişlik hem geçirildi. Ýeňiji myhmanlaryň SMS habarlarynyň üsti bilen öz halan diwarlyklaryna ses bermegi arkaly kesgitlenildi. Netijelere görä, bu ugurda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň diwarlygy birinji ýere mynasyp boldy.

Forumyň dowamynda «Ählumumy dialogdan ýerli hereketlere: durnukly, inklýuziw we akylly şäherleri ilerletmek» diýen şygar astynda maslahat geçirilip, oňa ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň düzümleriniň, halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri hem-de halkara derejeli bilermenler gatnaşdy. Maslahatyň yzy bilen dowam eden ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklarda sebit hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek we döwrebap şähergurluşyk maksatnamasynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa ählumumy dialogdan anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen çäreleriň netijeliligini görkezdi.

«Ak şäherim Aşgabat — 2026» köpugurly halkara sergisiniň ýapylyş dabarasynda gatnaşyjylara degişli sertifikatlar we diplomlar gowşuryldy.


düýn 11:17
8k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

24.05.2026 12:05
6.6k+

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi we maslahaty açyldy

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat — 2026» (WCA 2026) atly XXV halkara köpugurly sergisi we maslahaty öz işine başlady. «Binagärlik. Innowasiýa.......

23.05.2026 15:54
6.7k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......

23.05.2026 13:12
3.3k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....