Polşanyň Tarnowo-Podgurne şäherinde daýwing-küşt (suwasty küşt) boýunça dünýä çempionaty geçirilip, ol sportuň bu görnüşiniň taryhynda iň uly ýaryş boldy. Ýaryşa jemi 62 küştçi gatnaşdy.
Oýunçylar basseýniň düýbünde ýörite magnitli küşt mallary arkaly göçümleri amala aşyrdy we şondan soň howa almak üçin suwuň ýüzüne çykdy. Ýaryşyň düzgünlerine görä, suw astynda kislorod ballonlaryny ulanmak gadagan.
Ýaryşyň ýeňijisi 24 ýaşly litwaly grossmeýster Paulýus Pultinýawiçýus boldy. Ikinji orny polşaly Kamil Dzida, üçünji orny bolsa Hindistanyň wekili Harşit Raja eýeledi.
Zenanlaryň arasyndaky bäsleşikde bolsa Anna Anjeýewska ýeňiş gazandy.
Daýwing-küşt adaty küşt oýnuny we suwuň astynda demiňi saklamak başarnygyny utgaşdyrýar. Sportuň bu görnüşinde diňe bir dogry strategiýa we takyk hasaplama däl, eýsem gatnaşyjylaryň fiziki taýdan çydamlylygy hem örän uly rol oýnaýar.