Jonni Depp we Penelopa Krus bilen «Day Drinker» ekşn-trilleriniň premýerasy belli boldy

  • 24.05.2026 00:46
  • 2.3k+

Lionsgate kinostudiýasy baş keşpleri Jonni Deppiň we Penelopa Krusyň ýerine ýetirmeginde ýiti sýužetli «Day Drinker» (Пьяница / Serhoş) triller filminiň premýera senesini 2027-nji ýylyň 26-njy martyna belledi. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.

Aslynda şol gün Mel Gibsonyň «Isanyň hyrujy: Direliş» (Страсти Христовы: Воскресение) filminiň birinji böleginiň ekrana çykmagy meýilleşdirilipdi, ýöne studiýa ony 2027-nji ýylyň maý aýyna süýşürdi, ikinji bölegini bolsa 2028-nji ýylyň maýyna geçirdi.

Garaşylýan bu täze film Jonni Deppiň öňki aýaly Ember Hýord bilen bolan kazyýet işinden soň, uly býujetli Holliwud kinematografiýasyna ilkinji gezek gaýdyp gelmegi bolar. Şol kazyýet galmagalyndan soň, Disney kompaniýasy we beýleki uly studiýalar aktýor bilen şertnamalaryny ýatyrypdy. Aktýoryň öň amerikan kinosyna gaýdyp gelmek ähtimallygynyň örän pesdigi barada aýdan sözlerine garamazdan, ol bu taslama gatnaşmaga razy boldy.

Bu taslama Jonni Depp bilen Penelopa Krusyň bilelikdäki dördünji işidir. Filmdäki ýene bir esasy keşbi Medelin Klaýn ýerine ýetirdi.

Kinofilmiň sýužeti hususy gämidäki barmen gyzyň wakasyna esaslanýar. Ol ýerde gyz syrly bir myhman bilen tanyşýar. Soňra gahrymanlar täsirli jenaýatçy aýalyň gatnaşmagynda jenaýat dünýäsine çekilýär we özara garaşylmadyk bir baglanyşygyň bardygyny ýüze çykarýar.

Taslamanyň režissýory hökmünde «Tomsuň 500 güni» (500 дней лета) we «Täze Möý adam» (Новый Человек-паук) filmleri bilen tanalýan Mark Web çykyş etdi. Ssenarini «Geljegiň urşy» (Война будущего) filminiň awtory Zak Din taýýarlady, filmiň prodýuserleri bolsa «Jon Wik» franşizasyny ösdürmek bilen meşgullanan Bezil Iwanik we Erika Lidir.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....