ABŞ grin-kart üçin resminamalary tabşyrmagyň tertibini üýtgetdi

  • 25.05.2026 10:15
  • 6.3k+

ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy (USCIS) grin-kart almak üçin arza tabşyrmagyň tertibini üýtgetdi: indi daşary ýurt raýatlary resminamalaryna seredilýän döwri ýurduň çäginden çykyp gitmelidir.

USCIS gullugynyň habar bermegine görä, bu täze düzgünler immigrasion bolmadyk wizalaryň eýelerine — talyplara, syýahatçylara we wagtlaýyn işgärlere degişlidir. Edara şeýle wizalaryň immigrasiýanyň ilkinji tapgyry hökmünde ulanylmaly däldigini belleýär.

Gullugyň metbugat sekretary Zak Kaler ABŞ-nyň çäginden daşary konsullyklaryň üsti bilen resminamalary resmileşdirmegiň täze tertibiniň, raýatlara grin-kart statusyny bermekden ýüz öwrülen ýagdaýynda, olaryň ýurtda bikanun galmak ýagdaýlarynyň sanyny azaltmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, bu çäre USCIS-iň serişdelerini beýleki wajyp ugurlara, şol sanda raýatlyga kabul etmek işlerine, zorlugyň hem-de adam söwdasynyň pidalarynyň arzalaryna gönükdirmäge ýardam eder.

USCIS-iň öňki işgäri Dug Rend bu täze syýasaty tankyt etdi. Ol her ýylda, takmynan, bir million adamyň grin-kart almak üçin resminama tabşyrýandygyny, şol bir wagtyň özünde arza berijileriň, takmynan, ýarysynyň ýurtdan çykman öz statusyny üýtgedýändigini mälim etdi.

«CNN» telekanalynyň berýän maglumatyna görä, bu özgertmeler kanuny migrantlaryň köpüsine öz täsirini ýetirer. Telekanal resminamalary barlamak we taýýarlamak işleriniň dowam edýän wagty adamlaryň ABŞ-ny birnäçe aýlap, hatda ýyllap terk etmeli bolmagynyň mümkindigini habar berýär.

Şeýle hem bu täze düzgünler ABŞ-nyň birnäçe syýasatçylary tarapyndan nägilelik döretdi. Olar bu çözgüdiň migrantlaryň maşgalasyna we ýurduň ýokary hünärli hünärmenler bazaryna ýetirip biljek zyýanly taraplary barada duýdurýar.


şu gün 12:34
988

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

düýn 14:04
3.3k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

13.06.2026 09:33
9.8k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 01:36
5.5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......