HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

  • 24.05.2026 10:33
  • 2.6k+

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany, Ýaponiýany we Beýlik Britaniýany yzda galdyryp, dünýäniň iň uly üç ykdysadyýetiniň birine öwrüler.

Maliýe gaznasynyň çaklamasyna görä, ABŞ we Hytaý ösüşini dowam edip, olaryň her biri öz ykdysadyýetiniň göwrümini takmynan 6,6 trillion dollar artdyrar.

2031-nji ýyla çenli Hytaýyň ykdysadyýeti 27,5 trillion dollara ýeter, ýöne şonda-da amerikan ykdysadyýetinden takmynan 11,5 trillion dollar yza galar.

Iri döwletleriň arasynda iň çalt we iň ýokary ösüş Hindistanda bolar. HPG-nyň hasabatynda Hindistanyň JIÖ-niň 2031-nji ýyla çenli 63,5% ösjekdigi we 2028-nji ýylda 5 trillion dollardan aňry aşyp, Ýaponiýany we Beýlik Britaniýany, az wagt geçenden soň bolsa Germaniýany yzda galdyrjakdygy aýdylýar.

Mundan başga-da, ösüp barýan bazarlaryň arasynda Braziliýanyň we Meksikanyň hem ykdysady orunlary has güýçlener.

Hasabata laýyklykda, Russiýa dünýäniň iri ykdysadyýetleriniň arasynda 2031-nji ýyla çenli nominal JIÖ azaljak ýeke-täk döwlet bolar. Tiz wagtda Braziliýa, Kanada we Meksika dünýä reýtinginde Russiýadan öňe saýlanar. Bu ýagdaýyň esasy sebäpleri hökmünde ýurduň uglewodorod eksportyna garaşly bolmagy, önümçilik ösüşiniň gowşaklygy we şeýle-de günbatar döwletleriň girizen ykdysady çäklendirmeleriniň agramy görkezilýär.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:18
7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......