Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

  • düýn 22:18
  • 2.6k+

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy.

10-njy iýunda Modiniň premýer-ministr hökmünde ilkinji gezek kasam içen gününden bäri 4 399 gün geçdi. Ol ilkinji gezek 2014-nji ýylyň 26-njy maýynda wezipä girişipdi. Şeýlelikde, Modi garaşsyz Hindistanyň ilkinji premýer-ministri Jawaharlal Nerunyň görkezijisinden geçdi. Neru bu wezipede yzygiderli 4 398 günläp — 1952-nji ýylyň 13-nji maýyndan (Hindistanda ilkinji ähumumy saýlawlardan soň kasam içen güni) tä 1964-nji ýylyň 27-nji maýynda aradan çykýança galypdy. Onuň bu rekordy altmyş ýyldan gowrak wagtlap saklandy.

Şeýle hem Modi 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda premýer-ministr wezipesinde iň uzak wagtlap we üznüksiz galmak boýunça Indira Gandiniň rekordyny hem täzeläpdi. Gandi 1966-njy ýylyň 24-nji ýanwaryndan tä 1977-nji ýylyň 24-nji martyna çenli — jemi 4 077 günläp wezipäni üznüksiz eýeläpdi. Mundan başga-da, Modi hökümetiň başynda duran wagty parlament saýlawlarynda yzygiderli üç gezek ýeniş gazanan Nerudan soňky ilkinji lider boldy.

«Hindustan Times» gazetiniň bellemegine görä, bu rekord Hindistanda düýpli özgerişlikleriň bolýan döwründe ýüze çykdy. Neru garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurda ýolbaşçylyk edýän wagty Hindistanyň ilaty, takmynan, 340 million adam töweregi bolan bolsa, 2014-nji ýylda Modi wezipä gelende ilat sany 1,31 milliarddan geçdi we şondan bäri artyp, 1,46 milliarddan gowrak boldy.


30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

16.05.2026 09:24
5.3k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....