Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

  • 30.05.2026 11:21
  • 3k+

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady üstünligi däl-de, diňe bir kompaniýanyň şowlulygy diýip düşündirýärler.

​Taýwanyň bu emeli ösüşiniň baş gahrymany — dünýäniň mikroshema we emeli aň çipleri önümçiligini elinde saklaýan TSMC kompaniýasydyr. Häzirki wagtda bu kärhananyň bir özi Taýwanyň bütin aksia bazarynyň 42 göterimini emele getirýär. Şunlukda kompaniýanyň gymmaty ýurduň jemi içeri önüminden 1,5 esse köpdür.

​Şu sebäpli dünýädäki iri maýa goýum gaznalary öz pullaryny Hindistandan çekip, Taýwana, has takygy TSMC-niň paýnamalaryna goýup başladylar. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtly maýadarlar Hindistanyň bazaryndan 27 milliard dollardan gowrak pul çykardylar.

​Ykdysatçylar bu iki ýurduň maliýe gurluşyny deňeşdirip, aşakdaky möhüm tapawutlary we howplary görkezýärler:

Hindistanyň bazary diwersifikasiýalaşdyrylan, ýagny dürli pudaklara deň paýlanandyr. Ol ýerde iň uly kompaniýanyň paýy 7 göterimden geçmeýär. Şeýle-de, Hindistanyň öz içinde 113 milliondan gowrak ýerli maýadar bar we olar daşary ýurtly inwestorlar gidäýen ýagdaýynda-da bazaryň çökmegine ýol bermeýärler.

Synçylar Taýwanyň ýagdaýyny öz wagtynda tutuş Finlýandiýanyň ykdysadyýetini göteren, emma soňra çöken Nokia kompaniýasynyň taryhy bilen deňeşdirýärler. Ýekeje kompaniýa bagly bolan bazar islendik wagt uly kynçylyga uçrap biler.

​Netijede, Taýwanyň dünýäde 5-nji orna çykmagy ykdysady durnuklylygyň alamaty däl-de, diňe emeli aň tehnologiýalaryna bolan uly islegiň netijesidir. Şundan ugur alanyňda, uzak möhletleýin geljekde Hindistanyň bazaryny has ygtybarly hasap etmek maksadalaýykdyr.


düýn 22:09
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
672

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
4.6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 10:26
624

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......