Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

  • 24.05.2026 10:31
  • 6.3k+

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi.

Arbeloa 12-nji ýanwarda Habi Alonsonyň deregine «Real Madrid» toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenipdi. Şenbe güni «Real Madrid» Ispaniýanyň çempionatynyň iň soňky — 38-nji tapgyrynyň çäginde «Atletik Bilbao» toparyny kabul eder. Klub tamamlanyp barýan möwsümde hiç hili kubok gazanyp bilmedi.

«Öňümizdäki duşuşyk meniň «Real Madridiň» tälimçisi hökmünde iň soňky oýnum bolar. Başdan geçiren ähli zatlarymyz üçin kluba örän minnetdar. Biziň aramyzda käbir düşünişmezlikler boldy, bu adaty zat. Biz olary iň gowy ýol bilen çözmegi başardyk. Biz biri-birimize hormat goýduk… Men soňky aýlarda özümden has köp «Real» barada pikirlendim we klub üçin iň bähbitli ädimi ätdim. Başga bir klubda hemme zat başgaça bolup bilerdi, ýöne bu ýerde meniň etmeli zadym şu boldy. Ökünmäge hiç hili sebäp ýok» – diýip, «Marca» neşiri Arbeloanyň sözlerini getirýär.

Arbeloa 43 ýaşynda. Ol «Real Madridiň» öz ýetişdiren oýunçysy bolup, topar bilen futbolçy hökmünde Ispaniýanyň çempionatyny (2012), Kubogyny (2011, 2014), Superkubogyny (2012), şeýle hem Çempionlar ligasyny (2014, 2016), Klublaýyn dünýä çempionatyny (2014) we UEFA-nyň Superkubogyny (2014) gazandy. Ol «Deportiwo», Angliýanyň «Liwerpul» we «West Hem» toparlarynda hem çykyş etdi. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa dünýä çempiony we iki gezek Ýewropa çempiony boldy. Arbeloa şu wagta çenli uly ýaşly toparlara hiç wagt tälim bermändi. Ol 2020-nji ýyldan bäri «Realyň» akademiýasynda dürli ýaşdaky ýaşlar toparlaryny türgenleşdirip gelýärdi.


düýn 17:07
7.5k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.9k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.2k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....