Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

  • 24.05.2026 15:39
  • 4.4k+

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy.

KHBS-iň maglumatyna görä, taraplaryň arasynda gol çekilen täze şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder.

«Men mundan 20 ýyl ozal bu ýere ilkinji gezek gelen günümden bäri «Mançester Ýunaýtediň» jadysyny duýýaryn. Biziň bu aýratyn futbol klubumyza ýolbaşçylyk etmek jogapkärçiligi meni örän buýsandyrýar. Geçen bäş aýyň dowamynda bu futbolçylar topary biziň şu ýerde talap edýän durnuklylyk, agzybirlik we maksada okgunlylyk ýaly ýokary standartlarymyza doly laýyk gelip biljekdigini görkezdi.

Indi bolsa bilelikde, uly maksatlar we aýdyň meýilnamalar bilen öňe hereket etmegiň wagty geldi. «Mançester Ýunaýted» we biziň ajaýyp janköýerlerimiz iň abraýly kuboklar ugrunda gaýtadan bäsleşmäge doly mynasypdyr» – diýip, Kerrik özüniň wezipä bellenilmegine teswir berdi. Onuň sözlerini klubuň resmi saýty getirýär.

Kerrik 13-nji ýanwarda Ruben Amorim wezipeden gidenden soň «Mançester Ýunaýtediň» başyna geçdi. Onuň baş tälimçi rolundaky ilkinji zähmet şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi. 44 ýaşly hünärmeniň ýolbaşçylygynda topar Angliýanyň çempionatynda geçiren 15 oýnunda 10 ýeňiş gazandy we geljekki möwsüm üçin Çempionlar ligasyna gatnaşmak hukugyny kepillendirdi.


düýn 17:07
7.2k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.2k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....