1.6k+

Serdar Berdimuhamedow gyrgyz halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

4.1k+

“Ženmin Žibao” gazetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasy çap edildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Ženmin Žibao” gazetinde makalasy çap edildi. "Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin...

2.6k+

Piastri Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen – ikinji

“Maklaren” toparynyň sürüjisi Oskar Piastri 31-nji awgustda Zandwortda geçen Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Red Bulldan” häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen geldi. Üçünji orny “Reýsing Bulls” toparynyň wekili Isak Hajar eýeledi – onuň üçin bu karýerasynda münbere ilkinji gezek çykmagy boldy...

3.2k+

Hünärmenler EA bilen işleýän ilkinji kompýuter wirusyny ýüze çykardy

ESET Research Labs-yň hünärmenleri emeli aňyň kömegi bilen işleýän zyýanly wirusy tapdy. Ol şeýle görnüşli ilkinji mälim bolan wirus boldy we PromptLock adyny aldy. Wirus taýýar promptlaryň toplumyny ýerli EA modeline iberýär, bu model hem jogap hökmünde Lua dilinde skriptleri döredýär (1993-nji ýylda döredilen dil programmirlemesi bolup, köplenç, oýunlary döretmekde ulanylýar)...

6.2k+

Starlink eýýäm 150 ýurtda işleýär, oňa 7 milliondan gowrak ulanyjy birikdi

SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemra internet ulgamy taryhy görkezijä ýetdi – ol 7 milliondan gowrak ulanyjyny birikdirip, 150 ýurdy we sebiti gurşap aldy. Ulgam 200 Mbit/s çenli tizligi we gijikdirmeleriň pes bolmagyny üpjün edýär, bu bolsa kabel ýa-da optiki süýüm birleşmesiniň elýeterli däl ýa-da has gymmat bolan sebitlerinde internete birikmäge mümkinçilik berýär...

7.6k+

Serdar Berdimuhamedow dört günlük iş sapary bilen Hytaýa bardy

Şu gün, 31-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin dört günlük iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin şäherine geldi...

7.3k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...

7.9k+

Samsung EA-nyň we eplenýän iPhone-yň ýokdugy üçin Apple-iň üstünden güldi

Samsung korporasiýasy X sosial ulgamynda mahabat wideosyny hödürledi we onda degişme äheňinde özüniň eplenýän Galaxy Z Fold 7 smartfonynyň iPhone-dan artykmaçlygyny görkezdi. Sýužet boýunça basseýniň gyrasynda dynç alýan iki adam iPhone bilen eplenýän Samsung smartfonyny deňeşdirýär...

14k+

Uly we Kiçi Balkan daglary gorag astyna alnyp, goraghanalar dörediler

Türkmenistanda özeni Uly Balkan dagynda ýerleşdirilen täze goraghananyň, Kiçi Balkan dagynda we Günorta Ustýurtda bolsa ýörite goraghanalaryň döredilmegi meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýerli maldarlaryň işlerini dowam etdirmekleri üçin Balkan gerşiniň etekleri we töweregindäki öri meýdanlar olaryň ygtyýarynda galar...

2.7k+

Azerbaýjanda oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Trend agentligi habar berýär. Çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekde möhüm waka bolar...

3.7k+

Huawei tizerde üç eplenýän Mate XTs smartfonyny resmi tanyşdyryşdan öň görkezdi

Huawei kompaniýasy ikinji nesil Mate XTs eplenýän smartfonynyň tizerini görkezdi. Onuň resmi tanyşdyrylyşy 4-nji sentýabrda Şençžende bolar. Täze smartfon öňki modeliň dizaýnynyň esasy elementlerini: digir-digir çarçuwany, sekizburç kamera bloguny we S şekilli eplenmäni saklar (şarnirleriň biri ekrany daşyna, beýlekisi içine epleýär)...

4.6k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň esasy tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Monakoda Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynyň bije çekişigini geçirdi. Ol ikinji möwsüm 36 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçer. Şol gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropada üçünji möhüm klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň umumy tapgyrynyň hem bije çekişigi geçirildi...

4.1k+

Google Translate-e dil öwrenmek funksiýasy goşuldy: ol nähili işleýär?

Google resmi taýdan emeli aňyň esasynda Google Translate-e iki täze funksiýany goşdy: hakyky wagtda janly terjime guraly we dil öwrenmek boýunça şahsylaşdyrylan ulgam. Indi hyzmaty diňe bir terjime üçin däl, eýsem eşidiş we sözleýiş tejribesi üçin hem ulanmak bolýar...

5.6k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin sungatyň taryhy boýunça okuw kitaby

Türkmenistanda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Umumy sungat taryhy» okuw kitaby neşir edildi. Bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň «Binagärlik», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hem-de «Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek» hünärleri üçin niýetlenendir diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär...

6.2k+

Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentini dekabrdaky halkara foruma çagyrdy

29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýony Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi...

17k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe bilim edaralarynyň açylyp ulanylmaga beriljekdigini aýtdy. Hususan-da, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler...