Hytaýda ýüz ýyl hyzmat etmäge ukyply batareýa döredildi: onuň düzümi tofuň suwuna çalymdaş

  • 24.02.2026 14:01
  • 6.6k+

Hytaýly alymlar diňe bir howpsuz bolman, eýsem ekologiýa taýdan arassa bolan täze akkumulýator işläp düzdüler. Taslamanyň esasy artykmaçlygy — batareýanyň göwrümini ýitirmezden 120 müňden gowrak zarýad alyş-beriş sikline çydamagyndadyr. Bu bolsa oňa her gün zarýad berlen ýagdaýynda-da 100 ýyl töweregi hyzmat edip biljekdigini aňladýar.

Adatça batareýalaryň içinde dökülse eliňi ýakýan kislota ýa-da aşgarly erginler ulanylýan bolsa, bu batareýada magniý duzlaryna (MgCl₂) ýa-da kalsiý duzlaryna (CaCl₂) esaslanýan, pH derejesi 7,0-a deň bolan neýtral suwuk elektrolit peýdalanylypdyr. Akkumulýatoryň içindäki suwuklygyň düzümi edil Aziýa ýurtlarynda gowy görlüp iýilýän tofu (soýa doragy) tagamy taýýarlanylanda ulanylýan duzly suwa çalymdaş. Ýagny, ol şeýle bir arassa we howpsuz welin, hatda tebigata-da, adama-da hiç hili zeper ýetirenok.
Zäherli we ýeňil alawlaýan litiý-ion akkumulýatorlarynyň elektrolitlerinden tapawutlylykda, suwly ulgam şeýle töwekgelçilikleri aradan aýyrýar.
Alymlar bitarap gurşawda magniý we kalsiý ionlaryny durnukly saklamak üçin ýörite kowalent organiki polimerlerden ybarat anody döretdiler.
Akkumulýator öýjüginiň işçi kuwwaty takmynan 2,2 W, udel energiýasy bolsa 48,3 Wt·sag/kg çenli ýetýär.
Halkara ylmy toparyň gazanan bu üstünligi hakynda meşhur Nature Communications žurnalynda gürrüň berilýär.


düýn 20:31
3.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......