Ronaldu sport iýmitini öndürýän kompaniýa $7,5 mln maýa ýatyrym etdi

  • 23.02.2026 18:40
  • 10k+

«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Herbalife kompaniýasynyň düzümindäki kärhananyň paýdary boldy.

Futbolçy 2013-nji ýyldan bäri bu kärhananyň ilçisi bolup, sport iýmiti önümlerini mahabatlandyryp gelýärdi. Indi bolsa Ronaldu has çynlakaý ädim edip, korporasiýa bilen gatnaşyklaryny öňkiden-de berkitdi we Pro2col Software kompaniýasynyň 10% paýyny 7,5 million dollara satyn aldy.
«On ýyldan gowrak hyzmatdaşlyk biziň gatnaşyklarymyzy ynamyň we umumy maksatlaryň ýokary derejesine çykardy.  Pro2col kompaniýasyna maýa goýmak, şol gatnaşyklaryň tebigy ösüşidir. Biz adamlaryň öz saglygyna bolan garaýşyny hakykatdan hem üýtgedip biljek platformany emele getirmäge kömek edýäris. Men Herbalife bilen uzak möhletleýin taslamalaryň üstünde işlemäge uly höwes bilen çemeleşýärin» diýip, futbolçy belledi.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary bolsa bu täzeligi: «12 ýyllap jemgyýeti peýdaly iýmitlenmäge, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge höweslendirildi. Indi Herbalife bilen Kriştianu şahsy saglygy goraýyş ulgamynda täze bir tapgyry — ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş döwrüniň düýbüni tutýar» diýip, gysgaça teswirleýärler.


27.05.2026 11:02
4.8k+

Kriştianu Ronaldu Dreame brendiniň global ilçisi boldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Hytaýyň meşhur tehnologiýa brendi bolan Dreame kompaniýasynyň dünýä derejesindäki global ilçisi boldy....

07.04.2026 16:56
8.5k+

Meýdançadan biznese: Ronaldu, Kortua we Lebron tehnologiýalara maýa goýýarlar

Janköýerleriň biri-birinden gyzykly futbol oýunlaryna we transferlere aňk bolup, tomaşa edýän wagtynda, dünýäniň futbol ýyldyzlary başga bir meýdançada–maýa goýum äleminde «şowly pas berip, owadandan owadan......

şu gün 13:09
3.7k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

şu gün 12:35
1.2k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......