Meýdançadan biznese: Ronaldu, Kortua we Lebron tehnologiýalara maýa goýýarlar

  • 07.04.2026 16:56
  • 8.5k+

Janköýerleriň biri-birinden gyzykly futbol oýunlaryna we transferlere aňk bolup, tomaşa edýän wagtynda, dünýäniň futbol ýyldyzlary başga bir meýdançada–maýa goýum äleminde «şowly pas berip, owadandan owadan gol geçirýärler».

Saglyk we fitnes üçin akylly bilezikleri öndürýän Amerikanyň Whoop kompaniýasy özüne 575 mln dollar maýa goýum çekdi we onuň bahasy eýýäm 10,1 milliard dollara ýetdi. Bu kompaniýanyň paýdarlarynyň arasynda Kriştianu Ronaldu (5 gezek «Altyn topuň» eýesi), Lebron Jems (NBA ýyldyzy), Maýkl Felps (23 gezek Olimpiýa çempiony), Wirdžil wan Deýk («Liwerpul») dagylar hem bar.

Akylly bilezik emeli aňyň kömegi bilen ukyňy, bedeniň nähili dynç alýandygyny we sport agramyny ölçeýän «wirtual tälimçi» bolup hyzmat edýär. Kompaniýa eýýäm enjamy bütin dünýä ýaýramaga we biržada öz paýnamalaryny satmaga taýýarlanýar.

«Real Madridiň» derwezebany Tibo Kortua has üýtgeşik bir ugra –suwdaky elektrikli gämileriň ýaryşyna pul goýdy.

Bu ýaryşlar ýokary tizlikden hem ötri, ekologiýany aýamak babatda hem uly ähmiýete eýedir.

Tslamada Kortuanyň ýanynda Rafael Nadal, Tom Bredi we Will Smit ýaly meşhurlaryň hem öz toparlary bar. Şeýlelikde türgenler indi diňe bir brendleriň ýüzi bolman, ýuwaş-ýuwaş olaryň eýelerine-de öwrülip barýarlar.

Mysal üçin aýtsak, Ronaldu Ispaniýanyň «Almeriýa» klubynyň 25%-ini satyn aldy, IT-taslamalara, iýmit markalaryna maýa goýdy we hatda öz kino studiyasyny hem açdy. Lebron Jems Media kompaniýalardan başlap, uly sport holdinglerine çenli dolandyrýar.

Tibo Kortua bolsa suw ýaryşlaryndan başga-da, kiber-sporta we sport binalaryna pul goýýar.

Gysgaça aýtsak, sport indi diňe stadiona sygmaýar. Ol häzirki wagtda tehnologiýalaryň, akylly gurallaryň we ägirt uly pullaryň aýlanýan ýerine döndi. Häzirki zaman türgeni üçin edil meýdançadaky ýeňiş ýaly, dogry edilen biznes maýa goýumy-da şonça möhümdir.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......