Kriştianu Ronaldu Dreame brendiniň global ilçisi boldy

  • 27.05.2026 11:02
  • 4.9k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Hytaýyň meşhur tehnologiýa brendi bolan Dreame kompaniýasynyň dünýä derejesindäki global ilçisi boldy.

Ronaldunyň keşbi brendiň esasy önümçilik ugurlaryny durnukly ösdürmek we mahabatlandyrmak üçin ulanylar. Bu önümlere öýleri we daşky gurşawy intellektual arassalamak üçin enjamlar (robot tozansorujylar), uly durmuş tehnikalary, şahsy ideg enjamlary (fenler we ş.m.) hem-de kiçi aşhana enjamlary girýär.

Bu bilelikdäki uly mahabat kampaniýasy üçin «Dreame to Win» (Ýeňiş gazanmak üçin arzuw et) diýen şygar saýlandy.

— Bu hyzmatdaşlyk ýöne bir hemaýatkärlik şertnamasy däldir. Bu tehnologiýa bazarynyň öňdebaryjylarynyň biri bilen dünýä derejesindäki ýeňşiň we düzgün-nyzamyň global nyşanyna öwrülen türgeniň arasyndaky güýçli birleşikdir — diýip, Dreame kompaniýasynyň global prezidenti Kolm Çang belledi.

Bilşimiz ýaly, Dreame golaýda awtomobil bazaryna hem gadam basdy. Kompaniýa özüniň ilkinji elektromobilini – Nebula Next 01 Jet Edition modelini tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň tassyklamagyna görä, bu täze superkar gaty ýangyçly tizlik utgaşdyryjylaryň goşa ulgamy we kuwwaty netijesinde sagatda 100 km tizlige 1 sekuntdan hem az wagtyň içinde ýetmegi başarýar.


düýn 19:06
927

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

14.06.2026 11:22
4.2k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....

12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.1k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......